JEMGYÝET

Saud Arabystanynyň Patyşasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Saud Arabystanynyň Patyşasynyň näsaglandygy we hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur gynanç hem-de biynjalyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

«Siziň gujur-gaýratyňyzyň we berk erkiňiziň ýakyn wagtda hassalygy ýeňip, doly sagalmagyňyza ýardam etjekdigine ynanýaryn»- diýip, milli Liderimiz nygtady.

“Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňiziň tiz sagalmagyny we Saud Arabystanynyň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de abadanlygynyň hatyrasyna Siziň ýadawsyz amala aşyrýan işleriňize üstünlikleriň hemra bolmagyny dileýärin” diýip, milli Liderimiz mähirli arzuwlaryny beýan etdi.

Gurban baýramy bilen gutlamak

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Baştutany we Saud Arabystanynyň Patyşasy ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de haýyr-sahawatlylygyň nyşany bolan ähli musulmanlar üçin mukaddes Gurban baýramy bilen birek-biregi mähirli gutladylar. Bu baýramçylygyň täze döredijilikli maksatlara ýetmäge, beýik işleri amal etmäge ruhlandyrýandygyny, halklary jebisleşdirýändigini bellemek bilen, söhbetdeşler Gurban baýramynyň geljekde hem ähli musulman ymmatyna özara düşünişmegi we raýdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň möhümdigini nygtap, türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar taraplaryň üýtgewsiz erk-islegine hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge özara islegine daýanýar. Şu jähtden döwlet Baştutanymyz Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Sauda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Ählumumy dünýä meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň Baştutany hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşykly çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir edýän koronawirus pandemiýasy şolaryň biridir.

COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça tagallalar

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurtlaryň ählisiniň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň hem-de COVID-19 ýokanjynyň öňüni almagyň we oňa garşy göreşmegiň täze usullarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň garaşylýan netijeleri gazanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Iki ýurduň däbe öwrülen özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklamak bilen, söhbetdeşler iki doganlyk halkyň bähbidine ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud adamzadyň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, doganlyk halklara parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy