BILIM

SAT synagy we ýaşlar üçin ýokary bilim mümkinçilikleri

Soňky döwürde dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmek isleýän ýaşlar üçin SAT synagy örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. SAT (Scholastic Assessment Test) – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we dünýäniň beýleki köp ýurtlarynda ýokary okuw mekdpelerine kabul edilmek üçin talap edilýän standartlaşdyrylan synaglaryň biri bolup durýar.

SAT näme?
SAT synagy, okuwçylaryň matematika, in̈lis dilinde okamak we ýazmak ukyplaryny barlamak üçin niýetlenendir. Synagda alynýan ballar, talyplaryň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmeginde möhüm orun eýeleýär. Synagyň sanly görnüşi häzirki wagtda has giňden ulanylýar.

SAT synagynda ballar nähili berilýär?
SAT synagy 1600 ballyk ulgam boýunça bahalandyrylýar.

  • Matematika bölümi: 800 bala çenli hasaplanýar.
  • In̈lis dilinde okamak we ýazmak bölümi: 800 bala çenli bahalandyrylýar.

Jemi alnan ballar iki bölümiň jeminden emele gelýär. Maksimum 1600 bal almak, abraýly ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmekde uly artykmaçlyk döredýär.

Synagyň täze formaty
SAT-nyň häzirki zaman sanly görnüşi, synag wagtyny azaltmak bilen bir hatarda, okamak we ýazmak bölümlerini birleşdirýär. Sanly SAT synagy, okuwçylara synagdan gysga wagtda netije almaga mümkinçilik berýär. Täze format, okuwçylaryň tehnologiýadan has netijeli peýdalanmagyny gazanmak üçin döredildi.

SAT synagyna taýýarlyk
SAT synagyna taýýarlyk görmek üçin birnäçe kitap we onlaýn çeşmeler bar. Olaryň arasynda “Digital SAT Prep Plus 2025” we “The Official SAT Study Guide” ýaly meşhur kitaplar aýratyn peýdalydyr. Şeýle hem Kaplan we Princeton Review ýaly okuwçeşmeleri arkaly täsirli taýýarlyk görmek mümkindir.

Ýaşlar üçin mümkinçilikler
SAT synagy, diňe bir ABŞ-da däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmek üçin peýdalanylýar. Şonuň üçin Türkmenistandaky ýaşlaryň hem bu synaga gatnaşyp, halkara derejesinde bilim almagyň ýoluny açyp bilerler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Lomonosow—2026» halkara forumyna badalga berildi

Iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçirilýär

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar