DÜNÝÄ

Sapakda öň hatarda oturmagyň okuwçylaryň başarnygyna täsiri

Birnäçe barlaglaryň netijelerine görä, synpda öň hatarda oturan okuwçylar köplenç derslerine ökde bolýarlar, yz setirlerde oturan okuwçylaryň bolsa derslerine gowy ýetişip bilmeýärler diýen düşünje bar. Yzky setirlerde oturýan okuwçylar esasan hem, yzda tutuş synpy synlamak, dostlary bilen degişmek, gürrüň etmek we ünslerini sapakdan başga zatlara sowmak, mugallymdan daşrakda bolmak üçin oturýarlar. Penjirä golaý oturýan okuwçylar özbaşdak pikirlenmek we öz hyýaly dünýäsine gaýybana syýahat etmek ýaly pikirleri başdan geçirýärler. Synp otagynyň gapysyna ýakyn oturýan okuwçylar bolsa mydama howlukmaç bolýandyrlar.

Şu nukdaýnazardan okuwçynyň synp otagynda oturan ýeriniň onuň derslerine ýetişigine nähili täsir edýändigini görmek bolýar. Şu barada ABŞ-nyň Kolorada uniwersitetiň professorlary Katerine Perkins we Çarl Weiman şol uniwersitetde okaýan 201 talybyň gatnaşmagynda ylmy-barlag geçirdiler. Ýagny, arasynaglaryndan pes bahalar alan talyplary öň hatarda, orta hatarda we arkada bölüp oturdýarlar. Birinji ýarym ýylyň soňunda talyplaryň bahalary seljerilende yzky setirlerde oturan talyplaryň öňde oturan talyplardan pes baha alma derejesi 6 esse ýokary çykýar. Synp tagtasyndan näçe daşlaşlaşdykça şonça hem talybyň ýokary baha almagy şonça hem peselýär. Bu ylmy-barlagyň netijesinde, okuwçylaryň ders wagtynda oturan ýerleriniň olaryň bahalaryna täsiri bardygy belli bolýar. Bu barlag esasan hem mekdep okuwçylaryna degişlidir.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan 2026-njy ýylda birnäçe halkara çäreleri kabul eder

Nýu-Ýorkuň häkimi Mamdani kasam kabul etdi

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklygy kabul etdi

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi