Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda paýtagtymyzy hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin çäreleri öz wagtynda geçirmegiň möhüm meselelerine hem-de öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk görlüşine garaldy.
Ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şäheriň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler, şeýle-de tomusky möwsüme taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak baradaky meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada aýdyp, aprel aýynyň ahyrynda Türkmenistanda däp boýunça ady dünýä dolan, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň hormatyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň giňden geçirilýändigini belläp, Aşgabat şäheriniň häkimine baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri sanly wideoaragatnaşyk arkaly sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, oba hojalyk tehnikalaryny we awtoulag serişdelerini netijeli işletmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, welaýatlaryň obasenagat ulgamynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda gowaça ekişiniň barşy bilen gyzyklanyp, sebitleriň käbir etraplarynda bu wajyp möwsümleýin işiň depginleriniň peselendigini belledi. Milli Liderimiz bu ugurda işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkimlere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyryljak desgalaryň gurluşygyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça wezipeleriň çözülişine hemişe gözegçiligi üpjün etmegi tabşyryp, welaýat häkimlerine her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hem hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyza amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy we depgini, şol sanda meýdanlarda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi, gowaça ekişiniň geçirilişi, güýzlük bugdaýa, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg edilişi, oba zähmetkeşleriniň dökün, suw, tohum hem-de beýleki zerur serişdeler bilen öz wagtynda ýeterlik mukdarda üpjün edilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmagyň zerurdygyny nygtap, ekinlere ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi.