BIZNES

Sanly walýuta dolanyşyga giriziler

Şwesiýa döwleti sanly walýutasyny satuwa çykarmak üçin ilkinji resmi ädimini etdi. Şeýle hem Şwesiýanyň hökümeti özüniň milli kron walýutasyny, sanly walýuta çalşar diýip, “Independent” habar gullugy habar berýär. Şwesiýanyň maliýe bazarlary ministri Per Bolund bu mesele boýunça beýanat berip, taslamanyň 2022-nji ýylda durmuşa geçiriljekdigini belläp geçdi. Bu taslama Şwesiýanyň sanly walýutasy barada ýeke-täk taslamasy bolup durmaýar. Mundan başga-da Şwesiýanyň Merkezi banky, sanly walýutalary goldaýan synag taslamasynyň üstünde hem işleýär. Şeýle hem bu ýurt dünýäde iň az mukdarda nagt ulanýan ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurtda nagt pullaryň ulanylyşy soňky ýyllarda yzygiderli azalýar. Umuman aýdanymyzda, Şwesiýada 10 tölegden diňe 1-si nagt görnüşinde amala aşyrylýar.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar