Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara bilim bermegiň iň döwrebap usullaryndan peýdalanylýar. Şunda sanly bilimiň, ösen tehnologiýalaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemegimiz gerek. Tehnologiýanyň ösýän döwründe sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen ýaşlar üçin uly mümkinçilikler açyldy.
Häzirki wagtda sanly bilim ulgamy arkaly ýaşlara bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary peýdalanylyp, elektron kitaplar, şeýle-de uzak aralykdan bilim bermek ýaly usullar ulanylýar. Sanlylaşdyrmak döwrebap usul bolup, hil taýdan bilimiň kämilligini, netijeliligini artdyrýar.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.
Bu Konsepsiýa maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzda sanly bilim uly ösüşlere eýe boldy. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda bolsa, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly kitaplar, gollanmalar, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimedia maksatnamalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Sanly bilim ulgamynda dil öwretmegiň täze usullary, sapak geçmegiň döwrebap görnüşleri kemala gelýär. Irki döwürlerde görkezme esbaplar bilen sapak geçmek usuly ulanylan bolsa, häzirki ösen döwürde kompýuter enjamlaryň kömegi bilen dürli şekilleri, gepleşikleri talyplara hödürlemek mümkinçiligi artdy. Şunda lingafon okuw otaglarynyň hem ähmiýetini belläp bolar. Bu ýerde sözleri diňlemek we ýat beklemek, gerek ýerinde ulanmak bolýar. Sanly bilim ulgam arkaly ýokary okuw mekdepleri bilen göni sapak geçmek mümkinçiligi-de işjeňleşdirilýär.
Sanly bilimiň mümkinçiliklerinden giňdne peýdalanmak maksady bilen häzirki wagtda halkara derejesindäki internet olimpiadalaryny hem gurnamak has aňsatlaşdy.
Ine, şu günler biziň ýokary okuw mekdebimizde, ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa boýunça halkara internet olimpiadasy geçirilýär. Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň talyplary gatnaşýarlar.
Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2022-nji ýylyň 4-6-njy noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netije gazandylar.
Matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiadasynda talyplarymyz baýrakly orunlaryň 16-syna, ýagny altyn medallaryň – 7-sine, kümüş medallaryň – 6-syna, bürünç medallaryň – 3-sine mynasyp boldular.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim syýasatynyň has-da dabaralanýandygynyň we onuň halkara derejesine çykýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Umuman, ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, hünär öwrenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara döwrebap bilim bermek, olary milli ruhda terbiýelemek baradaky öňde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, bilim-ylym öwretmek işlerini has-da kämilleşdirmek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň baş maksady bolup durýar.
Maral Gulmyradowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Amaly matematika we informatika kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.