SIZDEN GELENLER

Sanly ulgam – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly gadam urmaga borçlandyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler aýratyn hem ýaş nesle çuňňur ylym, bilim bermekde öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi bolsa, ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary astynda bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary depginler bilen sazlaşykly ösýän ýurdumyzda döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry hökmünde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hem-de toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman bilim edaralaryny — çagalar baglaryny, orta mekdepleri, hünär bilimi edaralaryny gurmakda, bütin dünýäde gazanylan iň gowy netijeleri bilim işine ornaşdyrmakda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, bilim tehnologiýalaryny, kompýuter we multimedia enjamlaryny ornaşdyrmak arkaly bilim işi has-da döwrebaplaşdyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, olaryň kämilligiň belentliklerine, üstünliklere ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil bolmak üçin yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlaryň ylym-bilimine, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly üns berilýär. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan ýaşlar hakyndaky aladanyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy kämil tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ojaklaryna sanly ulgamy, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Innowasion ýol bilen ösüşi şertlendirýän sanly ulgam döwrebap mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna, şeýle hem bilim beriş işiniň netijeliligini, tizligini we aýdyňlygyny üpjün etmäge aýratyn täsirini ýetirýär.

Bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Esasan hem ýaş nesliň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerini gazanmakda, olaryň ösen tehnologiýalara bolan düşünjelerini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda, onuň abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Ylym-bilimiň ýokary tizlik bilen ösýän asyrynda ýaşlaryň dünýä ylmyndan habarly bolmagyny gazanmak, öz hünärine ökde hünärmenleri taýýarlamak bu ulgamda zähmet çekýän bilim işgärleriniň jana-jan borjuna öwrüldi. Bu ugurda ýurdumyzyň bilim işgärleri hem döredijilikli zähmet çekýärler, ýaşlara bilim öwretmegiň iň döwrebap usullaryny işjeň durmuşa ornaşdyrýarlar.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen, ýokary okuw mekdepleriniň elektron kitaphanalarynyň bitewi ulgamy döredildi. Bu bolsa ýaşlara ýokary hilli bilim-terbiýe bermek, kitaphanalaryň işini täzeçe guramak, ýokary okuw mekdepleriniň kitaphanalarynda saklanýan kitaplaryň elektron görnüşde goruny döretmek we ondan netijeli peýdalanmak üçin şertleri döredýär.

Bilimi jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde bilimli, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek meselesine uly üns berilýär. Milli we halkara ders olimpiadalarynda, abraýly ylmy bäsleşiklerde ýeňiş gazanýanlaryň arasynda ýaş watandaşlarymyzyň sanynyň barha artmagy bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bilim hyzmatlarynyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde halkara tejribeden ugur alynýar.

Diýarymyzda gurulýan täze bilim ojaklarynda ýaş nesilde zähmet endiklerini kemala getirmekde, olaryň ylym-bilim derejesini ösdürmekde we boş wagtlaryny has-da peýdaly işlere sarp etmekleri ugrunda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Milli bilim ulgamymyza ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar okatmagyň döwrebaplaşmagyna, bilim işgärleriniň iş usullarynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň okamaga bolan höwesiniň has-da artmagyna uly itergi berýär we röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup kemala gelmeginde, olaryň dünýä ölçeglerine gabat gelýän ak mekdeplerde bilim almagyna uly ýardam edýär.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edilýär. Elektron bilim çeşmelerinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär, gündelik durmuşymyza iň täze maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar, ýokary tizlikli internet arkaly dünýäniň maglumatlar gorundan, elektron kitaphanalardan peýdalanmaga amatly şertler döredilýär we köpugurly kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, görnüşlerini artdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär.

Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeleriň wajyp ugry hökmünde bilim ulgamyny umumy ykrar edilen halkara kadalaryna, milli ýörelgelere hem-de tejribelere laýyklykda kämilleşdirmäge möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde döredilen sanly bilim portallarynyň elektron maglumat gorlary yzygiderli baýlaşdyrylýar hem-de olaryň elýeterliligi üpjün edilýär. Döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryny we elektron maglumatlary işläp düzmek, toplamak, saklamak bilen bagly tehniki-programmalaýyn şertler has-da ýeňilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan döredilen «Zehin» internet synag, «Şekil» wideoaragatnaşyk, «Ukyply» multimedia, Elektron kitaphana ulgamlary, «Çagalar bagy» töleg programmasy hem-de «e-mekdep» portaly ýaşlara berilýän bilimiň netijeliliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. «e.gov.tm» döwlet hyzmatlar portalynda bilim ulgamyna degişli maglumatlar hem-de hyzmatlar ilata hödürlenýär.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Täjibaý TAŇRYBERDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.

Ýene-de okaň

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri