SIZDEN GELENLER

Sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar

Ýurdumyzda sanly ulgamyň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini barha ýokarlandyrýar. Bu ugurda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi eziz Watanymyzyň pajarlap ösýän döwründe innowasion tehnologiýalaryň önümçiligiň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagyna, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ösmegine, ýokary tizlikli internet-aragatnaşyk hyzmatlarynyň artmagyna getirýär. Sanly ulgamyň ösüşi internet bilen berk baglanyşykly bolup, ýurdumyzda bu ulgam dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykýar.

Häzirki wagtda islendik raýatyň howa we demir ýol peteklerini onlaýn görnüşde almaga, degişli tölegleri we ýygymlary bank plastik kartyndan, öýjükli el telefonlaryndan geçirmäge, dürli hyzmatlary öýden çykmazdan amala aşyrmaga mümkinçilikleri bar. Teleradioýaýlymlaryň, metbugat ulgamynyň mümkinçilikleriniň ählisinden internet arkaly peýdalanmak bolýar. Sanly ulgamyň ösdürilmegi önümçiligiň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet önümçiligiň ähli ugurlaryna özüniň oňyn täsirini ýetirmek bilen, işewürlere, raýatlara döwlet hyzmatlaryndan ýeňil hem-de elýeterli peýdalanmaga ähli şertleri döredýär. Şonuň bilen bir hatarda, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň döwrebap ösdürilmegine-de öz täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň ýokary depginde ösdürilýän döwründe ýaşlaryň hem bu ugurdaky ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak ugrunda tagalla edilýär. Şunuň bilen baglylykda, indi birnäçe ýyldan bäri «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalary boýunça bäsleşigi geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu işlere bilimli, başarnykly, ussat hünärmenleri çekmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 984 belgili karary bilen «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Konsepsiýany amala aşyrmagyň talaplaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda anyk çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak şeýle hem, IT hünärmenler bilen üpjün etmek bellenilendir.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze Startaplara (StartUp) badalga bermek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär.

Şeýle hem bäsleşigiň 2023-nji ýyl üçin hem nobatdakysyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle bäsleşikler innowasion programma üpjünçiligini, startaplary işläp taýýarlaýan hem-de ornaşdyrýan ýaşlary ýüze çykarmaga we höweslendirmäge ýardam edýär.

Hemra Nuryýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Sport saglygyň gözbaşy

Mekdebe çenli bilim: geljegiň binýady

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady