SIZDEN GELENLER

Sanly ösüşleriň berk binýady

Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna, beýleki ulgamlaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýokary netijeleriň gazanylmagyna itergi berýär. Ösüş-özgerişli döwrümiziň has-da rowaçlanmagynda kämil ulgam bolan sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy giň gerime eýe bolýar.

Sanly ykdysadyýet döwrüň talaby bolup, döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy ulgama halk hojalygynyň dürli pudaklarynda we beýleki ugurlarda uly orun berilmegi bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar.

Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär.

Türkmenistan öz çäginden halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň we täzeçil tehnologiýalaryň durmuşa geçirilmeginde halkara hyzmatdaşlygyna hem uly ähmiýet berilýär. Munda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän halkara sergidir maslahatlaryň hem ähmiýeti uludyr.

Mälim bolşy ýaly, sebitde uly ähmiýetli çäreleriň hatarynda bolan «Türkmentel-2022» sergisi we maslahaty 10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

«Türkmentel-2022» serginiň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny, taslamalaryny ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna çekmek, kosmos tehnologiýalary, sarp edijileri ygtybarly hem ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň guramagynda geçirilýän «Türkmentel — 2022» atly ХV halkara sergi we ylmy maslahaty ýurdumyzda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar ulgamynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezmäge, ulgamy ösdürmegiň meýillerini hem-de geljekki mümkinçiliklerini kesgitlemäge, Türkmenistanyň öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegine uly ýardam berer.

«Türkmentel-2022» — telekommunikasiýalar, innowasiýalar we ýokary tehnologiýalar pudagynda tejribe, täze pikirleri we sepgitleri alyşmaga mümkinçilik berýän sebitde iri çäredir. Sergä gelenler ykdysadyýet we telelekeçilik üçin täze mümkinçilikler açýan iň gowy üstünliklerini görkezerler, geljegi uly taslamalaryny we anyk şertnamalary durmuşa geçirmek üçin berk işewür hyzmatdaşlygy ýola goýarlar.

Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmäge gönükdirilen «Sanly çözgüt — 2022» innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemi jemlener. Bäsleşik innowasion programma üpjünçiligini, startaplary işläp taýýarlaýan hem-de ornaşdyrýan ýaşlary ýüze çykarmaga we höweslendirmäge ýardam edýär.

Deňizguly Aşyrow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün