Paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty tamamlandy. Bu forum ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, gatnaşyklary ösdürmekde, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy.
Forumyň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we olara gymmat bahaly sowgatlary hem-de diplomlary gowşurmak dabarasy boldy.
Hünär bäsleşigi saglygy goraýyş, ylym we bilim, elektron senagaty, ulag we logistika, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy, robototehnika ýaly ugurlar boýunça geçirildi.
BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI
- Saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiya we Informatika Institutynyň talyby Baýnazar Muhammedow PECS cards adaty däl adamlara habarlaşmak üçin programma işi bilen birinjiligi eýeledi.
- Emeli aň ugry boýunça Türkmenistanyn Oguz han adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Şatlyk Şöhradow birinji orna mynasyp boldy. Ýaş zehin ýedi sany dürli keseller boýunça Emeli aň kömegi bilen kesel anyklaýyş we saglygy dikeltmek işlerini ýerine ýetirýän programmany bäsleşige hödürledi.
- Bäsleşigiň robototehnika we awtomatizasiýa ugrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Ýazmuhammet Agamyradow keramikada we gurlyşykda ulanylýan tazeçil görnuşli 3d printer taslamasy bilen tapawutlandy.
- Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty wekili Alýoş Amanow plastiki zyňyndylary ýygnaýan we sanly ulgam arkaly dolandyrylýan “Akylly gämi” taslamasy bilen bäsleşikde Akylly oba hojalyk tehnologiýalary ugry boýunça ýeňiji boldy.
- Smart City ugrunda 140-njy orta mekdebiň okuwçysy Emir Şammaýew birinji orna mynasyp boldy. Ýaş zehin bäsleşige ýöranide basyşdan elektrik toguny alýan enjamy hödürledi.
- Bäsleşigiň bilim we elektron okuw ugry boýunça Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Institutynyň weikili Arslan Bäşimow tebigy taryhy medeni ýadygärlikleri fotogrometriýanyň esasynda öwrenmek taslamasy bilen ýeniji boldy.
- Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň okuwçysy Artur Bahtyýarow bäsleşigiň hyzmatlar ulgamy ugrynda «Tick» sosial ulgam we messenjer işi bilen birinjiligi eýeledi.