Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara sergi öz işini dowam etdirýär. Şol halkara sergisiniň ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli gününde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan yglan edilen «Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
Bu bäsleşik saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik, akylly şäher ýaly 7 ugur boýunça geçirildi. Her ugur boýunça birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolanlar yglan edildi.
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşyjylaryň şu taslamalary 1-nji orna mynasyp boldy:
- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ruslan Hasanow – «Saglygy goraýyş» ugry boýunça «Raýatlar we lukmanlar üçin elektron saglyk ulgamy» atly işi;
- Tapylgysyz mahabat HJ-niň hünärmeni Ogulnyýaz Orazbaýewa – «Ylym we bilim» ugry boýunça ««Germew» onlaýn Türkmençe» atly işi;
- Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň mugallymy Daniýar Ismailow – «Senagat» ugry boýunça «Elektro montaž, prinsipial shemalaryny dürli programmalaryň kömegi bilen redaktirläp, taýýarlamak hem-de buýrujynyň islegine görä täze görnüşli shemalaryň taslamasyny durmuşa geçirmek» atly işi;
- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Döwlet Saryýew – «Ulag we kommunikasiýa» ugry boýunça «Pudagara elektron resminama dolandyryş ulgamy» atly işi;
- Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp okadýan 89-njy orta mekdebiniň okuwçysy Abdylla Amangeldiýew – «Hyzmatlar ulgamy» ugry boýunça «Daşky tor suw geçirjileriň gurluşygynyň 22 ýygyndysynyň programmasy (Smeta hasabaty)» atly işi;
- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji kurs talyby Öwezberdi Kakajanow – «Kiçi we orta telekeçilik» ugry boýunça «Elektrik we elektron oýunjaklar» atly işi;
- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji kurs talyby Aşyrbaýew Jasurbek – «Akylly şäher» ugry boýunça «Speech to Text» atly işi. Bu programanyň esasy maksady sesi ýazga öwürmek. Programma emeli aňyň düzüm bölekleri bolan «machine learning» bilen işleýär».
Bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan bu ýaşlar «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan diplom hem-de gymmatly bahaly baýraklar bilen sylaglanyldy.
Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!