Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmegiň täze tapgyryny kesgitledi. Bu konsepsiýa döwletimiziň ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde onuň hil derejesiniň uly depginler bilen artmagyna ýakyndan ýardam berýär.
Ajaýyp zamanada ýurdumyzyň kuwwaty bolan ýaş nesillerimiziň bilimli, ylymly, hünärli, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri babatda döwlet derejesinde giň gerimli aladalar edilýär, hemme şert-mümkinçilikler döredilýär.
Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda ösüşleriň özeni hasaplanýan ylym-bilim möhüm orny eýeleýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny dünýädäki ösen tejribelerden ugur alyp kämilleşdirmäge gönükdirilen tutumly işler barha öňe ilerleýär.
Häzirki wagtda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we onuň dünýä derejesine laýyk gelmegini gazanmak, bilim edaralarynyň gerimini giňeltmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, innowasion serişdeleri ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Sanly ulgamyň giň gerimde ösdürilýän döwründe ýurdumyzda iri halkara ders olimpiadalaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. ine, golaýda, 14 — 17-nji noýabr aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça Halkara internet olimpiadasy geçirildi. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen bu bäsleşige daşary döwletleriň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstraliýanyň, Wengriýanyň, Koreýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Belarussiýanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň jemi 66-syndan 230 hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-sinden 94 talyp gatnaşdy.
Bu ders bäsleşiginde türkmen talyplary hem üstünlikli çykyş edip, Arkadagly Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödediler.
Milli bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde sanly bilim ösdürilýär, okatmagyň döwrebap usullary durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň sanly ulgama oňat düşünmeklerine, ylym-bilimi tiz özleşdirmeklerine ýardam edýär. Bu babatda alnyp barylýan işler döwrebaplygy bilen ünsüňi çekýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.
Meýlis Mämmetmyradow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.