JEMGYÝET

Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Türkmenistana geldi

Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. Bu barada Sankt-Peterburg şäheriniň häkimliginiň resmi saýtynda habar berýär.

Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar. Duşuşykda ykdysady, ynsanperwer we durmuş ugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle hem peterburgly kompaniýalaryň Türkmenistanda amala aşyrýan taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar. Russiýanyň iri sebitiniň wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşarlar.

Aleksandr Beglow Sankt-Peterburg şäheriniň Türkmenistan bilen dostlukly we işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ägirt uly ähmiýet berýändigini belledi.

Şeýle hem rus wekiliýeti Arkadag şäherine baryp görer. Bu ýerde Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew bilen duşuşyk geçirilip, onda Sankt-Peterburg şäheriniň hökümeti bilen Arkadag şäheriniň häkimliginiň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga go çekiler.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde rus wekiliýeti “Wozroždeniýa” kompaniýasynyň Türkmenistanda guran infrastruktura desgalaryna baryp görer.

***

Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet saparynyň ilkinji gününde A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp gördi. Ol mugallymlar bilen duşuşyp, mekdebiň 11-nji synpynda okaýan okuwçylar üçin Russiýanyň taryhy baradaky kitaplar toplumyny sowgat berdi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri