Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň taryhy merkezinde dikeldiler. Bu barada Sankt-Peterburg şäheriniň häkimliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow Aşgabada amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.
– Aleksandr Beglow Peterburg şäherinde türkmen edebiýanyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi dikeltmek meseleleri boýunça çözgüt kabul edilýär. Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekiliýeti saparda boldy. Taryhy merkezde ýadygärligiň dikeldiljek ýeri saýlanyp alyndy – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.
Beglowyň duşuşykda belläp geçişi ýaly, Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda, ykdysady, bilim, ylym we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýär. Geçen okuw ýylynda Sankt-Peterburg uniwersitetlerinde Türkmenistandan müňden gowrak talyp okady. Bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. Sankt-Peterburgyň alymlarynyň topary Žores Alferow adyndkay Türkmen elektronika we nanotehnologiýa institutyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.
2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellener. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýyly – “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etdi.
