BILIM

Sanawdaky Dokuz Eylül Uniwersiteti : Amerika we Türkiýede attestat bilen okamak

Dokuz Eylül uniwersiteti attestat bahalaryň netijesine görä synagsyz ýokary okuw jaýyna kabul edýär. Şonda Dokuz Eýlül uniwersitetiniň käbir bölümlerine ýerleşen talyplar şol bir wagtda hem Türkiýede hem de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bilim almak mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara abraýly uniwersitetleriň Sanawynda  bolan  Dokuz Eýlül  Uniwersiteti Türkiýäniň iň ajaýyp we owadan şäheri bolan döwrebap Izmir şäherinde ýerleşýär.

Dokuz Eýlül uniwersiteti Türkiýäniň çäginde we daşary ýurtlarda hiç bir şahs ýa-da kompaniýa bilen “ygtyýarly wekil” şertnamasynyň ýokdygyny habar berýär we resminamalary göniden göni online sistemadan dalaşgärleriň özleriniň tabşyrmalydygyny ýatladýar. Resminamalary kabul etmek bilen baglanşykly ähli  maglumatlaryň uniwersitetiň web saýtynda bardygy beýän edilýär.

Resminamalary kabul edişlik 3 tapgyrdan ybarat bolup, häzirki wagtda birinji tapgyr üçin resminamalary kabul edişlilk dowam edýär.

Dokuz Eýlül uniwersiteti häzirki döwürde orta mekdebi tamamlamadyk dalaşgärler üçin şeýle hem ÝÖS synagyna girmedik dalaşgärler üçin goşmaça resminama kabul edişligiň boljakdygyny belläp geçýär. Şeýlelikde häzirki döwürde diňe orta mekdebi tamamlan dalaşgärler  ýa-da geçen ýyl ÝÖS synagyna giren dalaşgärler üçin resminamalar kabul edilýär.

I. Tapgyr:

Birinji tapgyr üçin resminamalar 2023-nji ýylyň 1-20 fewral aralygynda kabul edilýär.  Birinji tapgyr üçin ýerleşdirme netijesi 16-nji martda yglan edilýär. Birinji tapgyry gazanan dalaşgärler 2023-nji ýylyň 17-nji martyndan  Aprel aýynyň 3-ne çenli uniwersitete gelip uniwersitete hasaba alyş işlerini amala aşyrmalydyr. Şol sebäpli bu senede  uniwerstite gelip biljek dalaşgärleriň 1-nji tapgyr üçin resminamalary tabşyrmagyny maslahat berilýär.

 

2 ýyl Amerikada , 2 ýyl Türkiýede okamak mümkinçiligi

Dokuz Eýlül uniwersiteti Iňlis dilindäki Ykdydadyýet,  Menegement bölümlerine, şeýle hem Halkara gatnaşyklar  bölümine ýerleşen talyplaryna 2 ýyl  Izmir şäherindäki Dokuz Eýlül uniwersitetinde,  okuwyň ahyrky 2 ýylyny bolsa, SUNY-Albany Üniversitetinde (New Ýork ştaty) okamak mümkinçiligi berýär. Şu ýerde okuw töleginiň bahasynyň üýtgeýändigini bellemek gerek.

Dalaşgärler resminamalaryny tabşyran wagtynda azyndan 1, iň köp bolsa 8 sany tapawutly bölüm saýlap bilýärler. Şol sebäpli dalaşgärler haýsy bölümde bilim almak isleýän bolsa ol bölümi ilkinji nobatda saýlamalydyr.

Gerekli resminamalar :

Uniwersitetiň web saýtynda haýsy ýurtdan talyplaryň haýsy synag ýa-da diplom bilen kabul edilýändiginiň sanawy berilýär. Şonda Türkmenistandan talyplary kabul edilende “Orta Bilim Hakynda Şahadatnama/Umumy Orta Bilim Hakynda Şahadatnama” ýagny attestat bilen Türkmen dalaşgärleri kabul edýändigini bellenip geçilýär.

  1. Biometrik pasport
  2. 3 ýyllyk baha
  3. Attestat
  4. Fotosurat
  5. Dalaşgäriň e-poçta salgysy

Dalaşgärler resminamalaryň terjimesini hem tabşyrmalydyr.

Okuw tölegleri ýyllyk 10.000 Türk lirasyndan başlaýar. Käbir bölümler üçin okuw tölegiň bahasy 100.000 lira çenli üýtgeýär. Okuw töleginň üýtgäp biljekdigini hasaba almalydyr.

Käbir bölümleriň okuw tölegi :

  1. Hukuk fakulteti ýyllyk 15.000 lira
  2. Halkara gatnaşyklar  ýyllyk 10.000 lira
  3. Mugalymçylyk  ýyllyk 10.000 lira
  4. Deňiz fakulteti  ýyllyk 18.000 lira
  5. Diş hekimligi ýyllyk 60.000 lira
  6. Sungat fakulteti  ýyllyk 15.000 lira
  7. Ykdysadyýet we menejement 10.000-15.000  lira aralgynda
  8. Iňlis dilinde ykdysadyýet, menejement we halkara gatnaşyklar Türkiýedäki okuwlar üçin ýyllyk 40.000 lira (Amerika okuw tölegi we çykdajylary goşmaça tölenýär)
  9. Inženerçilik fakulteti (bölüme görä) ýyllyk 15.000-30.000 lira
  10. Medisina fakulteti  100.000 lira

Has anyk maglumatlary uniwersitetiň web saýtyndan okamagyňyzy maslahat berýäris.

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel:   865 42 52 23 /862 60 52 61

+993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär. Bellemeli zat, Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi  Özýegin Uniwersiteti. Bahçeşehir uniwersiteti we Medipol uniwersiteti ýaly hususy uniwersitetleriň wekili bolup durýar. Türkiýedäki döwlet uniwersitetleri adatça hiç bir kompaniýa bilen bu ulgamlarda  hyzmatdaşlyk saklamaýar.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52  ýa-da  +90 530 251 36 73

Rumyniýa: Türkmenistanly talyplar üçin stipendiýa

 

 

 

Diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy-2023

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy