JEMGYÝET

«Samsung» we «Google» kompaniýalary lukmanlara mugt hyzmat hödürledi

«Samsung» we «Google» kompaniýalary saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine şu ýylyň iýun aýynyň 30-na çenli mugt telefon bejergi hyzmatyny döretdi. Iki kompaniýa abatlaýyş işini “uBreakiFix” telefon abatlaýyş kompaniýasy bilen bilelikde hödürleýär. Olar dünýäniň dürli künjegindäki saglygy goraýyş pudagynyň işgärlerine degişli Samsung akylly telefonlary, şol sanda döwülen ekran we batareýany çalyşmak ýaly mugt abatlaýyş hyzmatlaryny tölegsiz ýerine ýetirýär. Samsung kompaniýasynyň ýolbaşçysy «Lukmanlar biziň saglygymyz üçin ellerinde baryny edip zähmet çekýärler. Biz hem onuň deregine näme-de bolsa bir oňat işi lukmanlar üçin etmelidiris»  — diýip, şeýle hyzmaty hödürlemäge karar berendigini žurnalistlere gürrüň berdi.

Ýene-de okaň

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti: türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin anyk tekliplere garamaga taýýardyrys