TEHNOLOGIÝA

  “Samsung” täze maýyşgak smartfonlaryny tanyşdyrar

Günorta Koreýanyň tehnogiganty “Samsung” täze flagman smartfonlaryny tomsuň soňky aýynda tanyşdyrar. Adatça, “Samsung” her tomsuň soňunda “Galaxy Note” ugruna degişli smartfonlary görkezýän bolsa, bu gezek gürrüň “Galaxy S21 FE”, “Galaxy Z Fold 3” we “Galaxy Z Flip 3” smartfonlary barada gider. Bularyň soňky ikisi smartfonyň içki ýüzüne eplenýän maýyşgak displeý bilen üpjün ediler.

Aýdylşyna görä, “Galaxy Z Fold 3” “S Pen” atly galama eýe bolar diýip çaklanylýar. Bu enjam dünýäde ilkinji ekranasty kameraly maýyşgak displeýli smartfon bolar diýip garaşylýar.

Maýyşgak konstruksiýaly täze smartfonlaryň ikinjisiniň, “Galaxy Z Flip 3”-iň, ozalky nesliň modeli bilen deňeşdireňde daşky ekrany ulurak bolar. Bu enjamda 12 megapiksellik iki sany esasy, içerki ýüzünde bolsa 10 megapiksellik kamera gurnalar.

“Galaxy S21 FE” aýdylyşyna görä, 6,4 dýumlyk barmak yzynyň skaneri ornaşdyrylan ekrana eýe bolar. Ekranyň ýygylygy 120 Hz, çözgüdi bolsa FULL HD+ bolar diýip, çaklanylýar. Onuň arka ýüzünde 3 sany kamera ornaşdyrylar.

Çeşme: https://3dnews.ru/1039194/samsung-predstavit-novie-gibkie-smartfoni-v-avguste

 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa sapary başlandy

 

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär