SIZDEN GELENLER

Şaly we tüwi barada…

Ýe­re bol suw yzy­gi­der­li goý­be­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän dä­ne­li eki­ne şa­ly di­ýil­ýär. Şol eki­niň da­şy­nyň aras­sa­lan­ma­gy bi­len alyn­ýan dä­nä tü­wi di­ýil­ýär. Ýur­du­myz­da hem ösdürilip ýetişdirilýän şa­ly Hy­taý, Hin­dis­tan, Bang­la­deş, In­do­ne­zi­ýa, Tai­land ýa­ly ýurt­lar­da has köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Her ýyl­da dünýäde or­ta­ça 500 mil­li­on ton­na tü­wi ön­dü­ril­ýär.

Tüwi, esasanam gündogar halklarynyň arasynda giňden ýaýran dünýäde iň meşhur däneli ekinleriň hasyllynyň biridir. Millionlarça adam üçin iýmitlenmegiň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär.

  • Köp ýurtda şaly meýdanlary suw bilen doldurylýar we olary hasyl ýygnamagyň öňüsyrasynda guradýar.
  • Ösümlik ortaça bir ýarym metre çenli ösýär.
  • Alymlar şalyny adamzadyň dörän gününden bäri ösdürilip ýetişdirilendigini aýdýarlar
  • Şalynyň esasynda alynýan tüwi un, krahmal hem öndürilýär. Tüwiniň uny käbir poroşoklarda duş gelýär.
  • Gyzykly bir hakykat, şalynyň samanyndan kagyz we karton kagyzy hem öndürilýär.
  • Tüwiniň düzüminde 70 göterim uglewodlar bar.
  • Tüwi dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragynyň iýmit sanawynda öz ornuny alypdyr.
  • Häzirki wagtda 4 seksiýa bölünen tüwiniň 18 görnüşi bar.
  • Dünýäde tüwi öndürýän ilkinji 3 ýurt –  Hytaý, Hindistan we Indoneziýa.
  • Şalynyň baldagy düýbünden sary, tohumlary bolsa ak reňkde bolmaly.
  • Dünýädäki her 6 adamdan biri şaly ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly zähmet işleýärler.
  • 100 g tüwide diňe 82 kilokaloriýa bar, bu hem horlanmak isleýän adamlara tüwi iýmek maslahat berilýär.
  • .Häzirki wagtda dünýä bazaryndaky tüwiniň ortaça dolanyşygy 20 milliard dollardan gowrak diýlip çaklanylýar.
Şatgeldi Gylyjow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/organomineral-dokuninin-meydan-sertlerinde-hyyar-osumliginin-hasyl-berijiligine-tasiri/

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika