SIZDEN GELENLER

Şahruh Han hakynda…

Meşhur kino aktýory Şahruh Han 1965-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Hindistanyň paýtagty Nýu- Delide owgan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň özünden uly Şehnaz diýen aýal dogany bolup, kakasy Täçmuhammet Şehnaz öz döwrüniň atly adwokatlarynyň biri bolupdyr we olaryň maşgalasynda entege çenli sungat ugrunda zähmet çekeni bolmandyr. Şeýlelikde, geljekki ýyldyz Nýu- Delidäki “Ykdysatçylary” taýýarlaýan ýörite uniwersitetde okap bilim alýar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda ol ýokary okuw mekdebini, şeýle hem magistraturany üstünlikli tamamlap, öz hünärinden däl-de, başga ugurdan zähmet ýoluny dowam edýär. Ýagny, ol kino sungatyna imrigip, Deliden Bombeýe tarap ýola düşýär.Şahruh Han Delä gelenden soňra, Hindistanyň meşhur aktrisasy Hema Malini bilen şertnama baglanyşyp, onuň Tansçy kabere” atly filmine surata düşýär. 1992-nji ýylda bolsa “Porhan söýgi” atly filmde çykyş edip,  “Iň oňat keşp üçin” diýen sylaga mynasyp bolýar. Ol hem oňa kino äleminde ilkinji başlangyçlary ätmäge ýardam berýär. Şondan soňra, aktrisa Juhi Çawla bilen bilelikde düşen “Ýigidiň arzuwy” diýen filmi hem ony üstünlige iterýär.

Şahruh Hanyň yzygiderli düşýän filmleri diňe bir Hindistanyň çäginde gyzgyn garşylanman, eýsem ýurduň daşyndan alyslara-da ýaýrap başlaýar. Onuň ýerine ýetirýän keşpleriniň aglaba bölegi gowy häsiýetli keşpler bolýar. Ýöne beýleki artistler ýaly bu yzygiderlilik ony basym irizýär. Netijede, 1994-nji ýylda kinorežissýor Rahul Rawaýlanyň  “Kesir” diýen filminde ýaramaz häsiýetli keşpde surata düşüp, uly sylaga mynasyp bolýar. Şol ýyl— ýagny, 1994-nji ýylda “Söýginiň döwri” atly filmde ýaş, aşyk sazandanyň keşbini janlandyryp, ýene-de halkyň uly söýgüsini gazanýar.

90-nji ýyllar hindi kinosynyň taryhynda täze döwür bolup janlanan bolsa, Şahruh Hanyň durmuşyny, onuň sungat ýoluny düýpgöter özgerden ýyllar bolup, taryha girdi. Ol şol döwürde onlap, ýüzläp diýen ýaly keşplerde çykyş edip, uly sylaglara, at-abraýa eýe bolýar. Muňa mysal hökmünde, 1995-nji ýylda ekrana çykan “Ogurlanmadyk gelinlik” atly filmi ýatlap geçmegimiz gerek. Bu film kinoteatrlarda görkezilip, 12 millard rupiý girdeji getirip, hindi kinosynyň taryhynda ýatda galyjy pursatlaryň birine öwrülýär. Bu häzirem hemmämiziň söýgüli filmlerimiziň biridir.1997-nji ýylda kinoteatrlara uly girdeji getiren ýene bir uly filmi— Mežnun ýürek” atly filmi ýatlalyň.  Ol—bu filmde teatryň režissýorynyň keşbini ýerine ýetirip, aktrisa Madhuri Dikshi bilen tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp bolan bolsa, 1998-nji ýylda kinorežissýor Karan Joharyň “Durmuşda hemme zat bolýar” diýen filminde Rahul Khannanyň keşbinde çykyş edip, hindi kinosynyň taryhynda täze sahypany açýar.Mundan başga-da Bolliwudyň taryhynda uly girdejili filmleriň hatarynda  2002-nji ýylda surata düşürilen, “Dewdas” diýen filmi agzamak bolar. Aktrisa Aýşwariýa Raý bilen baş keşpde çykyş eden Şahruh Han ýene bir gezek bütin dünýäniň tomaşaçylarynyň söýgüsini gazanmagy başarýar. 2004-nji ýylda “Men seniň ýanyňda”, Wir we Zara”, “Watana dolanmak” atly filmleri hem oňa uly şöhrat getirýär.Aktýoryň Ariýan, Abram atly ogullary, Suhana atly gyzy bar. Maşgalasy Gauri hemişe oňa durmuşda we işinde uly goltgy berýär. Olaryň bagtly maşgalasy bar. Ol häzir hem kino sungaty üçin uly taslamalaryň üstünde işlemegini dowam edýär.

Bägül Kakalyýewa

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Dünýä çempionatyna gatnaşjak ýygyndylar

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika