JEMGYÝET

Şäherara we welaýatara awtobus ugurlary boýunça nobatdaky täzelik

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “awtoulag.gov.tm” saýtynda şäherara we welaýatara awtobus ugurlary boýunça täzelik habar edildi.

Bu habarda hususan-da şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar!

2021-nji ýylyň aprel aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de üç gezek Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat, Aşgabat – Mary we Mary – Aşgabat hem-de hepdede bir gezek Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 15-nji apreline çenli uzaldylandygy barada habar berýäris.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082. 

Mundan ozal, 2021-nji ýylyň mart aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de iki gezek Aşgabat–Daşoguz we Daşoguz–Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň ýola goýlupdy.

Düýn habar berşimiz ýaly, ýurdumyzda 1-nji aprelden başlap, teatr möwsümi hem açylýar.

Otly gatnawlary hem-de halkara uçar gatnawlary babatda hem nobatdaky täzeliklere garaşylýar.

Habary şu ýerden okap bilersiňiz: https://awtoulag.gov.tm/item/151   

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

“Oýunly Sözlük”: Iňlis dilini gyzykly öwreniň

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi

Batyr Mämmedow Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary boldy

Nebitgaz boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy