SIZDEN GELENLER

Sahawatly iş dünýä nusgalyk

Ýaşaýyş, durmuşa deňelýän daragtdyr. Nesiller hem pederler daragta deňelýändir,  çünki daragt öz köküni topraga çuň urýar-da, gol doly şaha ýaýyp, öz miwesini töwerege eçilýär. Daragtda bakylyk, ýaşaýşyň dowam etmegi ýaly ruhy häsiýetler bar, ynsan hem şeýledir.   Ata Watanyna örküni baglan ynsan pederleriň durmuş ýörelgesine daýanýar-da, gol doly maşgala bolup, geljeginiň, ýagny nesil dowamatyny ilhalar ynsan edip ýetişdirmegiň aladasynda bolýar. Pederleriň ruhy edähedine daýanýan ynsan nesiller arkaly baglanyşygy berk guraýar. Ata-babalarymyz bu hakynda “Ynsan neberä daýanar, agaç damara” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda-da bag ýaşaýşa, ömre deňelipdir.

Halkymyz uzak ýyllaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşmagyň, ondaky kämillikleri netijeli ulanmagyň usullaryny ýaşaýyş-durmuşynda giňden peýdalanmagy başarypdyrlar. “Bir nahal ekseň, ömrüň baky”, “Bir şahany döwdügiň, eliňi ýa aýagyňy döwdügiňdir” ýaly pähimleri muňa şaýatlyk edýär. Orta asyrlarda Merw, Köneürgenç, Dehistan, Nusaý ýaly şäherlerde bol hasyl berýän üzümleriň, dürli miweli agaçlaryň ýetişdirilendigi hakynda syýahatçylar, gadymy taryhçylar haýran galmak bilen ýazypdyrlar. Hat-da häli-şindi türkmen maşgalasynda gyz göçürilende onuň bukjasyna miweli agajyň böleginiň daňylyp ýanynda goýberilmegi, edil miweli daragt ýaly önüp-ösüp gitmeginiň yrymyny, tebigat bilen baglanyşdyrýar.  Halk arasyndaky rowaýatlar biziň günlerimize çenli saklanylyp gelinmegini  şu pähimleriň-yrymlaryň üsti bilen hem görýäris.

“Bir wagtlar ile-güne hyzmatyny gaýgyrmadyk gerçek ýigidiň hiç perzendi bolmandyr. Perzentsizlik dagyny çekýän ýigit bir gün ýagşyzada duşup, derdini beýan edipdir. Ýagşyzada oňa: ”Ynsan ömrüni dowam etdirmek üçin perzent küýseýär. Emma takdyryňda şeýle ykbal ýok bolsa, ýol geçýän gurak ýerlere ýap çekip, saýaly hem miweli agaçlary oturt. Agajyň saýasynda saýalap, miwesinden dadan her bir ynsan saňa alkyş aýdar, şeýdip ömrüň dowam eder” diýipdir. Bu barada “Ýagşydan bag galar, ýamandan ýürekde dag”, “Bag – ekeniňki, ýap- çekeniňki” diýen pähimler hem giňden ýaýrapdyr.

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bag ekmek boýunça geçirilýän ählihalk ýowarlary ata-babalarymyzdan galan asylly däbimize uýmak, ony netijeli dowam etdirmek hem ynsanda tebigata bolan çäksiz söýgini döretmek ýaly häsiýetleri özünde jemleýär. Ynsan agaç nahallaryny oturtmak arkaly tebigat bilen gatnaşygyny sazlaýar. Tebigatyň bütin barlyga jan bermek häsiýetine goşant goşýar. Ýurt Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän her bir sahawatly iş dünýä nusgalyk. Şol sebäpden-de ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi bütin adamzady ýagşy işlere çagyryşdyr. Çünki Arkadagymyzyň ýoly sahawat ynsanperwerlik ýoludyr. Ýakynda geçiriljek bag ekmek dabarasynda ak saçly enelerimizdir ak sakgally ýaşulularymyz, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz agzybirlikde, ýagşy günleri ýürekde besläp, ençeme bag nahallaryny oturdarlar.

Bag ekmek daşky gurşawy goramaga ymtylyş. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan BMG-niň ençeme tebigaty goraýyş konwensiýalaryna goşulmak bilen, dünýädäki ekologiýa meselelerini çözmek babatda hem netijeli gözlegleri alyp barýar, bu ugurda yzygiderli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyz häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli, köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Mundan başga-da ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryň hem köpüsine goşulandyr. Milli Liderimiziň Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ägirt uly maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary Köpetdagyň etegine, paýtagtymyza, şäherlerimize, welaýat we etrap merkezlerine gözellik berýär, bu ugurda alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr. Biz ony gorap saklamalydyrys hem ösüp gelýän nesle miras goýmalydyrys» diýen sözleri tebigatymyzy gorap saklamagyň näderejede ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär.

Bu ýyl hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli     30 million düýp miweli we miwesiz, şeýle-de üzüm nahallaryny oturtmagy tabşyrmagy gözel tebigatymyzyň adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklary arkaly has-da ajaýyp keşbe geljekdiginden habar berýär. Geljekde-de Türkmenistan döwletimizi bagy-bossanlyga öwürmekde göz öňünde tutulýan netijeli maksatnamalary durmuşa ornaşdyrmakda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris. Halkymyza bagtyýar durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

 Jennet HATAMOWA,             

Aşgabat ­şäheriniň­ 19-njy­ orta­ mekdebiniň

­müdiriniň ­wezipesini ­wagtlaýyn­ ýerine­ ýetiriji.

 

 

Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi geçiriler

 

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary