SIZDEN GELENLER

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goýan, hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatynda halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy bilen bagly mesele ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän önümler bu günki gün dünýä bazarlarynda hem uly orny eýeleýär.

Taryhy wakalara, şanly senelere baý bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalary bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzyň yzygiderli pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ugurdaş öňdebaryjy merkezler bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanda ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bir hatarda, anyklaýyş we öz wagtynda dogry bejeriş işine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň lukmançylyk edaralarynyň ählisinde ornaşdyrylýan döwrebap enjamlar bu maksatlara hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy lukmançylyk edaralaryna we näsag çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat etmek arkaly, bu ugurda oňyn işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa Milli Liderimiziň asylly başlangyçlarydyr tagallalarynyň türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk parasatly däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriniň esasynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda adam saglygy hakynda edilýän alada ýurdumyzda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly başlangyjy bilen eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde düýpli işler amala aşyrylýar.

Ýeri gelende bellesek, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildi halka gowuşdy. Munuň özi diňe bir saglygy goraýyş işgärleriniň däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy.

Bellenilişi ýaly, Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, özara tejribe alşylmagy adamlaryň saglygyny goramakdaky ählumumy wezipeleriň çözgüdine goşulýan uly goşantdyr. Bu babatda bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary amala aşyrmak, iň täze tehnologiýalarydyr enjamlary, dürli keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejermekde öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Köp sanly ugurdaş desgalar açylyp, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Bu kärhananyň önümleri ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilip, geljekde dünýä bazarlarynda-da mynasyp orny eýelär.

Biz milli saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşmegine, halkyň saglygyny berkitmeklige gönükdirilen asylly başlangyçlary we döwletli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Alma Annabaýewa, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri