JEMGYÝET

Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk

2019-njy ýylyň 19-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Ðrçabil» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX mejlisi geçirildi.

Mejlise GDA gatnaşyjy-döwletleriň saglygy goraýyş ulgamynda işleýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň, BMG-niň hem-de Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň düzüm birlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Türkmenistanyň Preizdenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara ýollan Gutlag hatyny okady.

Mejlise gatnaşyjylar GDA gatnaşyjy-döwletleriň ilatynyň saglygy goraýyş we sanitar-gigiýeniki şertleriniň üpjün edilmeginiň meselelerine gönükdirilen degişli maksatnamalaryň we taslamalaryň işlenilip düzülmegi bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ulgamyndaky gazananlary bilen tanyşdylar hem-de adam saglygynyň gowulandyrylmagy maksady bilen dünýä tejribeleriniň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy üçin özarahereketleriň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny nygtadylar.

Ertir, 20-nji iýulda GDA-nyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde «Saglyk-2019» halkara sergisi geçiriler.

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş sekretaryndan Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk haty

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri