Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. Bellenilişi ýaly, yzygiderli geçirilýän gepleşikler hem-de döwlet we Hökümet derejesindäki özara saparlar köp babatda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegine ýardam edýär. Munuň özi özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.
Duşuşygyň çäklerinde bar bolan mümkinçilikleri we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklar geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Gyrgyzystan özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedir. Energetika, ulag, nebitgaz senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin geljegi uly ugurlar hasaplanýar. Şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň göni gatnaşyklaryny höweslendirmegiň we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda bilelikde işlemek hem-de tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdiler.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentini hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny özleri üçin amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.
