MEDENIÝET

Şa gyzy Diananyň switeri 1,1 million dollara satyldy

Ak goýunlaryň arasynda ýekeje gara goýunyň suraty şekillendirilen şa gyzy Diananyň meşhur switeri 31-nji awgustda Nýu-Ýorkdaky “Sotheby” auksion öýi tarapyndan satuwa çykaryldy.

Bu switeriň 50 müňden 80 müň dollara çenli aralykda satyljakdygy çaklanyldy. Ýöne bu switer 1,14 million dollara satyldy.

Teklipleriň onlaýn kabul edildi we 15 minutyň dowamynda 44 teklibiň edilendigi habar berildi.

Şa gyzynyň meşhur switeri auksionda satylan iň gymmatly switer boldy. Mart aýynda üçekde tapylan switer soňky ýyllarda auksionda satylan şa gyzy Diana bilen baglanyşykly köp zatlaryň arasynda has ýokary baha eýe boldy.

 

Related posts

Türkmen teatrlarynda görkeziljek oýunlar

Burak Bulut bilen Kurtulyş Kuş Aşgabatda konsert berer

Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitdi