JEMGYÝET

S.Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň bazarlaryny gözden geçirdi

Şu günler ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow welaýatlarymyzda iş saparyny amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz geçen hepdäniň anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedowa ýakyn wagtda welaýatlarda bolup, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmagy, bazarlara we dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli nähili soraglaryň bardygy bilen tanyşmagy tabşyryp, bar bolan meseleleri çözmegiň ýollary barada teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrypdy.

Wise-premýer S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, eýýäm Balkan we Daşoguz welaýatlarynda boldy. Ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer soňra Lebap welaýatynda bolup, sebitiň bazarlarynda Täze ýylyň öňüsyrasynda zerur azyk önümler bilen üpjün edilişini gözden geçirdi.

Saparyň çäklerinde wise-premýer  Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Tanyşlygyň barşynda wise-premýer S.Berdimuhamedow satyjylar bilen söhbetdeş boldy. Olar işlemäge döredip berýän hemme amatly şertler we mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow iş saparynyň netijeleri boýunça Lebap welaýatynyň häkimliginde iş maslahatyny geçirdi.

 

TOPH gaz geçirijisi: türkmen-hindi we türkmen-pakistan pudagara topary dörediler

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi