MEDENIÝET

Rüstem Hallyýew – «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2022»

Şu gün — 16-njy dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş aýdymçylarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2022» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemlerine we emin agzalarynyň gelen netijesine görä, aýdymçy Rüstem Hallyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada hem-de bäsleşigiň göçme kubogyna mynasyp boldy.

Bäsleşikde baýrakly birinji orna Bahar Annaýewa, ikinji orna Şatlyk Gurbannazarow, üçünji orna bolsa Seýitguly Tülegenow mynasyp boldy.

Bäsleşik ýylyň dowamynda birnäçe tapgyrda geçirilip, onuň jemleýji tapgyryna, eminler toparynyň hem-de «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda, «Owaz» radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp SMS habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda eminler aýdymçylaryň zehinlerine görä baha berdiler.

Geçen ýyl bu bäsleşikde aýdymçy Begenç Çaryýew ýeňiji bolupdy. Belläp geçsek, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy