DÜNÝÄ

Rustam Minnihanow täzeden Tatarystanyň Baştutany boldy

Tatarystanda ilkinji gezek ýurt Baştutany saýlawlary geçirildi. Maglumatlara görä, saýlawlara saýlawçylaryň umumy sanynyň 77,01%-i gatnaşdy. Tatarystanyň Merkezi saýlaw topary saýlawlarynyň netijelerini tassyklady. Netijede häzirki wagtdaky Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow ýeňiş gazandy, ol takmynan 2 million ses aldy, bu bolsa saýlawçylaryň sesiniň 88,09%-e deňdir.

Saýlawlar aç-açanlyk we demokratik ýagdaýda geçdi. Ses bermegiň dowamynda hiç hili düzgün bozulmalar ýüze çykmady. Tatarystanyň Merkezi saýlaw topary, şeýle hem ýerli we uçastok toparlary üçin kanunçylykda göz öňünde tutulan ähli şertler döredildi.

Saýlawlaryň esasy netijesi – tatarystanly saýlawçylar öňküsi ýaly ýokary işjeňlik görkezdiler we şeýlelikde öz raýat kanuny hukuklaryndan peýdalandylar. Saýlaw güni saýlaw uçastoklaryna saýlawçylaryň köpçülikleýin gelmegi saýlawlaryň işjeň ýagdaýa eýedigini görkezdi.

Saýlawlara 4 dalaşgär gatnaşyp, beýleki dalaşgärlerden Hafiz Mirgalimow – 4,97% ýa-da 110 müň ses, Witaliý Smirnow – 1,9% ýa-da 42,2 müň ses, Ruslan Ýusupow** – 4,2% ýa-da 93,5 müň ses aldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar