DÜNÝÄ

Russiýanyň deputatlary Türkmenistandaky saýlawlara synçy hökmünde çagyryldy

Şu gün resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşygy boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa rus deputatlarynda Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Wolodin Döwlet Dumasynyň öz wekillerini iberjekdigini tassyklady.

Iki ýurduň parlament wekiliýetleriniň arasyndaky duşuşykda parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy.  Wolodin iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşler bilen baýlaşdyryljakdygyny belledi.

Bu hyzmatdaşlykda täze görnüşler işlenilip düzülip, iki ýurduň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin örän netijeli çözgütleriň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Iki ýurduň parlamentleriniň komitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi.

– Siziň saparyňyz parlament gatnaşyklaryna özboluşly häsiýet berdi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy hormatly Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň tagallalary bilen strategik hyzmatdaşlardyr – diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy aýtdy.

Duşuşygyň çäklerinde Wýaçeslaw Wolodin Gülşat Mämmedowany Moskwa sapar bilen barmaga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, şu gün Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar