JEMGYÝET

Russiýadan Türkmenistana hoşallyk haty

Soňky günlerde doganlyk türkmen halkynyň goldawyny yzygiderli duýýarys. Türkmenistan «Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlamany biragyzdan ýazgardy. Gurban bolanlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna gynanç bildirildi we ejir cekenlere tiz wagtda sagalmagyny dileg etdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Bu hatda şeýle diýilýär:

Türkmenistanyň resmi wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarty, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýurduň degişli raýatlary tarapyndan Aşgabat we Türkmenbaşy şäherinde açylan hatyra kitaplarynda onlarça duýgudaşlyk ýazgylary ýazyldy. Adamlar gül getirmegi dowam etdirdiler we ilçihananyň elektron poçta salgysyna köp sanly gynanç hatlary gelip gowuşdy.

Dynç günleri işe çykyp, ilçihananyň terrorçylykly hereketde bigünä gurban bolanlaryň hatyrasyna çäreleri gurnamaga kömek eden türkmen işewürleriniň wekillerine aýratyn minnetdarlyk bildirýäris.

Bu agyr pursatda Türkmenistanyň ýaşaýjylary halkymyzyň hasratyny deň paýlaşandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris.

«Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen pajygaly waka rus jemgyýetini biri-birine has-da mäkämleşdirdi. Russiýanyň hakyky dostlarynyň kimdigini görkezdi. Muny hiç haçan ýatdan çykarmarys.

Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylaryna köp sag bolsun aýdýarys!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady