BILIM

Russiýada bilim almak isleýän türkmenistanlylaryň dykgatyna!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin medeniýet we sungat ugurlary boýunça Russiýa Federasiýasynyň ýokary hünär okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. 

Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat ugurly ýokary okuw mekdeplerine Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry we okuwa girjekleriň resminamalary Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kabul ediş iş topary tarapyndan Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 13-nji martyna, her gün sagat 8:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:
— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
— Russiýa Federasiýasynyň ýokary hünär okuw mekdeplerine okuwa iberilýän daşary ýurt raýatynyň bellenen nusga boýunça sowalnamasy;
— orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy we onuň kepillendiriş taýdan güwä geçilen, rus diline terjime edilen nusgasy;
— orta hünär bilimi baradaky şahadatnamanyň (bar bolan ýagdaýynda) içligi bilen bilelikde asyl nusgasy we onuň kepillendiriş taýdan güwä geçilen, rus diline terjime edilen nusgasy;
— saglyk kepilnamasy we onuň kepillendiriş taýdan güwä geçilen, rus diline terjime edilen nusgasy;
— soň­ky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama we onuň kepillendiriş taýdan güwä geçilen, rus diline terjime edilen nusgasy;
— 3×4 ölçegde sekiz sany fotosurat (fotosurata düşülende bellenilen talaplar berjaý edilmelidir);
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul ediş iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby
gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden
güwähaty.

Gi­riş sy­nag­la­ry, rus di­lin­den söh­bet­deşlik­ler hem-de da­laş­gä­riň saý­lap alan hü­nä­ri bo­ýun­ça ze­hin-uky­by­ny bar­la­mak we se­çip alyş işi­ni ge­çir­mek Türkmen döwlet medeniýet institutynda (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň mart aýynyň 14-ine we 15-ine geçirilýär.

Goşmaça maglumatlary Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kabul ediş iş toparyna ýüz tutmak arkaly alyp bilersi­ňiz.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­si: 48-21-45.
Ins­ti­tu­tyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri, 1945-nji
(10 ýyl Aba­dan­çy­lyk) kö­çä­niň 114-nji ja­ýy.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar