BIZNES

Russiýa TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Russiýa Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Russiýa Federasiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçen hepde Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler» atly ýokary derejeli halkara maslahatda belledi. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçildi.

«Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň energetika infrastrukturalarynyň utgaşmagynyň geljegi örän uly. Russiýanyň ykdysady operatorlary Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika toplumynyň berkidilmegine düýpli goşant goşýarlar. Gürrüň onlarça taslamalar barada barýar. Täze gaz geçirijileriniň, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem gyzyklanma bildirýäris» – diýip S.Lawrowyň Daşkentdäki halkara maslahatyň plenar mejlisinde eden çykyşynda aýdylýar.

TOPH gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr tebigy gaza barabardyr. Onuň umumy uzynlygy 1814 km bolar. Garaşylyşy ýaly, Hindistan we Pakistan 14 mlrd kub metrden, galan 5 mlrd kub metri bolsa Owganystan satyn alar.

Tokio-2020: ilkinji altyn medaly Hytaý gazandy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler