SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa syýahatyňyzy “Türk howaýollary” bilen amala aşyryň!

Russiýa Federasiýasyna syýahatyňyzy “Türk howaýollary” awiakompaniýasy bilen amala aşyrmaga mümkinçilik döredilýär. Bu barada “Eşretli syýahat” hojalyk jemgyýeti habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, “Türk howaýollary” awiakompaniýasy  Aşgabat-Stambul-Moskwa  ugry boýunça amatly bahalardan uçar gatnawlary ýerine ýetirýär. 307 ABŞ-nyň dollaryndan başlaýan awiabiletleri satyn almak bolar.

Awiabiletler 1-nji marta çenli satylýar we 31-nji marta çenli syýahaty öz içine alýar. “Türk howaýollary” kompaniýasynyň uçary Moskwa şäheriniň “Wnukowa” howa menziline gonýar.

Ýene bir bellemeli zat, egerde “Türk howaýollary” awiakompaniýasynyň biletlerinden satyn almak isleseňiz, Stambul şäherine üstaşyr (tranzit) gidilýändigi sebäpli hiç-hili ýagdaýda Türkiýe üçin wiza gerek däldigini ýatlatmak bolar.  Şeýle hem bu awiabiletleri satyn alan her bir ýolagçynyň goşlary üçin 30 kg, el goşlary babatda 8kg peýdalanyp bilerler.

Habarlaşmak üçin:

“Eşretli Syýahat” HJ

Aşgabat ş., 2127 (G.Gulyýew) köç., 96

PEÝKAM binasy, 2-nji gat.

Tel: +99363 901333/+99364 981333/+99363 567388/+99312 753999

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär