BIZNES

Russiýa Özbegistana gaz satyp başlar

Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy bilen gol çekilen “ýol kartasy” resminamasyna laýyklykda, rus gazynyň Özbegistana eksporty boýunça gepleşikleriň fewral aýynyň ahyrynda tamamlanmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

“Uzdaily.uz” neşiriniň habayrna görä, 2023-nji ýylyň 1-nji martynda tebigy gaz iberilip başlanar. Iki ýurduň arasynda tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça “ýol kartasy” resminamasy 24-nji ýanwarda gol çekilipdi.

Ministriň bellemegine görä, “ýol kartasy” resminamasyna laýyklykda, Özbegistanyň içerki bazarynyň tebigy gaz zerurlyklaryny üpjün etmek boýunça tebigy gazyň satyn alynmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem tebigy gazy satyn almagyň täjirçilik meseleleri hem çözüler. Tebigy gazyň “Merkezi Aziýa-Merkez” gaz geçirijisi arkaly satyn alynmagy meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy Gazagystan bilen hem tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça “ýol kartasy” resminamasyna gol çekişipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler