Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimr Putin 1-nji iýulda ýurtda konstitusion özgertmeler girizmek boýunça ses berişlik geçiriljekdigini mälim etdi. Ady agzalan özgertmeleriň hatarynda prezidentlik möhletini uzaltmak hem bolup, eger ol amala aşsa, 2024-nji ýylda ygtyýarlyklary tamamlanýan Wladimir Putiniň Russiýanyň prezidentligine ýene iki gezek saýlanmaga mümkinçiligi bolar.
Golaýda Wladimir Putin saýlaw we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen bolan geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda şeýle diýdi: “Pandemiýa bilen bagly ýagdaý gowulaşyp adaty durmuşa dolanmak bilen, konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly işleri girişmek talabalaýyk bolar”. Şeýle hem Prezident Putin resmi wekilleriň konstitusion referendumyny 1-nji iýul güni geçirmek hakyndaky tekliplerini makullady we degişli guramaçylara ses berişlik wagtynda adamlaryň saglygyny goramak birinji orunda goýulmagy gerekdigini tabşyrdy.
Russiýanyň esasy kanunçylygyna özgertmeler hakyndaky ses berişlik şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirmek bellenilipdi.
Toýly Muhammetdurdyýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby