Şu ýylyň 27-28-nji iýulynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Russiýa-Afrika sammiti geçirilýär. Oňa Afrika yklymynyň 49-syndan wekiliýet gatnaşýar. Bu wekiliýetiň 17-si döwlet Baştutany derejesinde wekilçilik edýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow belläp geçdi.
– Afrika yklymynyň 54 döwletinden 49-sy gatnaşmaga isleg bildirdi. Olaryň ýarysyndan gowragy – 27 ýurt döwlet ýa-da hökümet baştutany derejesinde wekilçilik edýär. 17 prezident, 5 wise-prezident, 4 premýer-ministr we 1 sany parlamentiň başlygy Russiýa gelýär – diýip, Uşakow habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.
Şeýle hem bu sammite Afrika yklymyndaky ähli sebit guramalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşýar. Bu sammitiň çäklerinde ykdysayd forum hem geçirilýär.
Sammitiň hem-de ykdysady forumyň çäklerinde köp sanly ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem onuň jemleri boýunça toplumlaýyn iri möçberli Jarnama kabul ediler.
Russiýa Afrika yklymyndaky ýurtlara däne, azyk önümleri we dökün ibermek işini dowam etdirmegi we bu ugurdkay hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi maksat edinýär.
