SPORT

Rus topary “Galatasaraý” toparynyň 2 futbolçysy bilen gyzyklanýar

Russiýanyň “Spartak” topary Türkiýäniň “Galatasaraý” toparynyň 2 futbolçysy bilen gyzyklanýar. Olaryň biri türk futbolçy Kerem Aktürkogly, beýlekisi bolsa nemes futbolçy Derrik Kendir.

Her iki futbolçynyň türk topary bilen 2026-njy ýylyň iýunyna çenli şertnamasy bar. “Transfermarkt” internet neşiriniň habaryna görä, türk futbolçy Kerem Aktürkoglynyň bazar bahasy 15 million ýewro deňdir. Ol geçen möwsümde 54 duşuşykda oýnap, 15 gezek tapawutlandy.

Nemes goragçy Derrik Ken 2024-nji ýylyň fewralyndan bäri “Galatasaraý” toparynyň düzüminde çykyş edip gelýär. Ol şondan bäri ähli ýaryşlarda 15 duuşşykda oýnady we bir gezek tapawutlandy. “Transfermarkt” internet neşiriniň habaryna görä, bu futbolçynyň bazar bahasy 6 million ýewro deňdir.

Russiýanyň “Spartak” topary bu futbolçylar üçin Türkiýäniň “Galatasaraý” toparyna 22 million ýewro teklip etdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler