JEMGYÝET

Rus kompaniýasy Türkmenistana täze tekliplerini berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary tarapyndan ýurdumyzda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalary, şol sanda geçen ýylda ulanmaga berlen, paýtagtymyz üçin uly ähmiýeti bolan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasy amala aşyryldy.

Şeýle-de häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw serişdelerini gorap saklamagyň we olary rejeli peýdalanmagyň täzeçil tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli derýalarynda endigan suw akymyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Şundan ugur alyp, bu meseleleri çözmekde Türkmenistan öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmagy maksat edinýär hem-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr.

“Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato duşuşykdan soňra habarçylara beren beýanatynda Türkmenistan Prezidenti bilen örän netijeli duşuşygynyň bolandygyny, türkmen tarapyndan ýol-ulag hem-de gidrotehniki taslamalar boýunça tekliplerini berendiklerini mälim etdi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri