BIZNES

Rus işewürleri Türkmenistanyň bazaryny has işjeň ösdürerler

Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynyň wekiliýeti Türkmenistanda iş saparynda boldy. Onuň çäklerinde Aşgabat şäherinde türkmen-rus bilelikdäki mejlisi hem-de türkmen-rus işewürler maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary, “Merkezi Wolga-Hazar-Pars aýlagy” logisitka taslamasy boýunça pikir alşyldy.

Mundan başga-da, Ulýanowsk oblastynyň harytlarynyň Türkmenistanda dilelrik merkezini döretmek mümkinçiligine garaldy.

Rus wekiliýeti şol bir wagtda “Ak Gaýa” türkmen kompaniýasy bilen gepleşikler geçirdi. Türkmen tarapy gapy, ýumşak mebel, gaz enjamlary, gurallar, üçek, boýag önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirdi.

Ulýanowsk oblastynyň önüm öndürijileir Türkmenistana elektrin enjamlary, gurluşyk materiallary eksport edýär.

Şeýle hem Ulýanowsk-Aşgabat-Inçe Burun/Sarahs ugruny işjeň ösdürmek göz öňünde tutulýar. Bu ulag ugry rus önümleriniň Türkmenistana, şeýle hem goňşy döwletlere – Owganystana, Eýrana we Pakistana ibermäge mümkinçilik döreder.

Şunuň bilen baglylykda, demirýol we ulag ulaglaryny utgaşdyrmak, şeýle hem Türkmenbaşy portunyň terminallarynyň hyzmatyndan peýdalanmak mümkinçiligine garaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy