BIZNES

Rus ilçisi: tebigy gaz pudagynda rus-türkmen hyzmatdaşlygy ileri tutulýar

Tebigy gaz pudagynda rus-türkmen hyzmatdaşlygy ileri tutulýar, bu gaz infrastrukturasynyň üpjünçiligine we gurluşygyna degişlidir. Muny Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin “Orient” gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

“Täze ykdysady şertlerde iň uly uglewodorod ätiýaçlyklary bolan ýurtlaryň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigini hem-de ulag we logistika ugurlarynyň we merkezleriniň döredilmegine täsir edýändigini bellemek isleýärin. Mawy ýangyç bilen üpjün etmekde we täze gaz infrastrukturasynyň gurluşygynda möhüm ähmiýete eýe”- diýip ilçi belledi.

Ilçi, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depgininiň strategiki hyzmatdaşlyga doly laýyk gelýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, Russiýa haryt dolanyşygynyň takmynan 1,6 milliard dollarlyk görkezijisi bilen Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biridir we 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22% artyp, 18 milliard ruble deň boldy.

Ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklaryň giňelmeginiň şu ýylyň güýzünde Ikinji rus-türkmen işewürler forumyny geçirmek islegini kesgitleýändigini aýtdy.

“Munuň çäginde rus kompaniýalary energetika, metallurgiýa, ulag logistikasy, maşyngurluşygy, gurluşyk, geologiki gözleg, telekommunikasiýa, himiýa we azyk senagaty, oba hojalygy ýaly ugurlarda gazananlaryny hödürlemegi meýilleşdirýärler. Türkmen önümleriniň Russiýa eksporty Türkmenistanyň oba hojalygy, azyk, himiýa we dokma senagatynyň mümkinçilikleriniň uludygyny tassyklaýar ” – diýip, Russiýanyň ilçisi belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy