BIZNES

Rus gazy Türkmenistandan beýleki ýurtlara iberiler

Eýran Yslam Respublikasynyň “Mehr” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Eýran bilen Russiýanyň arasynda rus nebitini we tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen swop şertnamalary arkaly beýleki ýurtlara ibermek babatda gepleşikler dowam edýär.

Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak Moskwada žurnalistlere beren beýanatynda Russiýa bilen Eýranyň arasynda mala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan tebigy gaz we nebiti swop (alyş-çalyş) şertnamasy arkaly ibermegiň mümkinçiligini “geljegi uly taslamalar” hökmünde kesgitledi.

– Bu taslamanyň tehniki mümkinçilikleri işlenip düzülýär we şonuň üçin oňa geljegi uly taslama hökmünde garalýar – diýip Nowak belledi.

Onuň bellemegine görä, ilkinji tapgyrda Russiýa Eýrana 10 milliard kubmetr tebigy gazy we 5 million tonna nebiti swop görnüşinde ibermek boýunça teklip edip biler.

Häzirki wagtda Eýran Türkmenistandan tebigy gaz alyp, şol möçberdäki tebigy gazy Azerbaýjana iberýär.

Russiýa bilen Eýranyň arasynda swop boýunça tebigy gaz we nebit alyş-çalşygy şertnamasyny işläp düzmek 2022-nji ýylyň başlarynda täzeden güýçlendi. Ol hem rus gazynyň Ýewropa iberilýän möçberleriniň azalmagy bilen baglanyşyklydyr.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, Eýran rus gazyny Türkmenistanyň ýa-da Azerbaýjanyň üsti bilen kabul edip,  özüniň demirgazyk sebitindäki gür ilatly nokatlaryna hem-de Yraga we Türkiýä ibermek mümkinçiligini öwrenýär.

Bellenilip geçilişine görä, şu ýylyň martynda Türkmenistanyň turba geçirijileri arkaly Eýran bilen Russiýanyň tebigy gaz alyş-çalşygyna başlamagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze himiýa zawodlary gurlar

Türk we koreý kompaniýalary Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanda hususy pudagyň ykdysadyýetdäki paýy 72,8%-e ýetdi

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Türkmenistandaky känleriň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Bütindünýä bankynyň Özbegistandaky taslamalar bukjasy 14 milliard dollardan geçdi

Özbegistan Owganystanda gaz känini özleşdirer