Futbol taryhynyň iň köp baýrakly tälimçileriniň biri bolan rumyniýaly Mirça Luçesku 80 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Rumyniýanyň Futbol Federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Mart aýynyň ahyrynda Luçesku türgenleşik wagty huşuny ýitirenden soň gyssagly ýagdaýda hassahana ýerleşdirildi. “ProSport” neşiriniň maglumatlaryna görä, onuň ýagdaýy 2025-nji ýylyň ahyrynda sowuklama sebäpli ýüze çykan ýürek näsazlyklarynyň güýçlenmegi bilen erbetleşipdir. Ýanwar aýynyň ahyrynda hem ol gyssagly ýagdaýda hassahana ýerleşdirilipdi. Aprel aýynyň başyna çenli Mirça Luçesku Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup işleýärdi. 26-njy martda onuň topary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugy ugrunda geçirilen pleý-off ýarym final duşuşygynda Türkiýäniň ýygyndysyndan (0:1) utuldy.
Federasiýa öz beýanatynda rumyn futbolynyň diňe bir ajaýyp hünärmenini däl-de, eýsem mugallym, öňdengörüji hem-de esasy sport şahsyýetini ýitirendigini belläp geçdi. Ol üç reňkli baýdagy dünýä derejesindäki iň ýokary üstünliklere ýetiren adamdy.
Rumyniýanyň ähli diwizionlaryndaky duşuşyklar bir minutlyk dymyşlyk bilen başlar. Milli ýygyndy üçin täze baş tälimçini bellemek prosesi näbelli möhlete çenli togtadyldy.
2016/17-nji ýylyň möwsüminde Luçesku Sankt-Peterburgyň “Zenit” toparyna ýolbaşçylyk edip, topary Russiýanyň çempionatynda üçünji orna çykardy. Mundan başga-da, ol dürli ýyllarda Italiýanyň “Piza”, “Breşia”, “Rejana” we “Inter”, Türkiýäniň “Galatasaraý” we “Beşiktaş”, şeýle hem Ukrainanyň “Dinamo” (Kýew) we “Şahtýor” toparlaryny tälim berdi.
“Zenit” bilen Russiýanyň Superkubogyny gazandy, “Galatasaraý” bilen Türkiýäniň çempiony bolup, UEFA Superkubogyny gazandy, “Şahtýor” bilen 8 gezek Ukrainanyň çempiony boldy, “Dinamo” bilen bolsa bir gezek ýurt çempionlygyny gazandy.
Şeýle hem 2008/09-njy möwsüminde “Şahtýor” topary Luçesku bilen bilelikde UEFA Kubogyny (häzirki Ýewropa Ligasy) gazanan ilkinji ukrain kluby boldy.
