BIZNES

“Rosgeologiýa” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň “Rosgeologiýa” paýdarlar jemgyýeti bilen gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek işini alyp barmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow “TASS” habarlar gullugyny habar berdi.

Aşgabatda geçirilen türkmen-rus forumynyň jemleri boýunça maglumat beren Russiýanyň wekili foruma “Rosgeologiýa” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Sergeý Gorkowyň gatnaşandygyny belläp, onuň “Türkmengeologiýa”, “Türkmengaz” we “Türkmennebit”, şol sanda Gurluşyk we binagärlik ministrliginde gepleşikler geçirendigini mälim etdi.

Türkmen tarapynyň “Rosgeologiýa” paýdarlar jemgyýeti bilen gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek işini işjeň ýagdaýda ösdürmegi meýilleşdirýädigini bellän Ýelizarow hyzmatdaşlyk etmek boýunça ikitaraplaýyn ylalaşygy taýýarlamak we gol çekmek babatda iş alnyp baryljakdygyny belledi.

Onuň aýtmagyna görä, geljekde “Rosgeologiýa” edarasynyň hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak we türkmen tarapy bilen öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin gepleşikler geçirmek işini ýola goýmagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

“Rosgeologiýa” edarasynyň başlygy Sergeý Gorkow forumda eden çykyşynda Türkmenistan tarapyna gazylyp alynýan peýdaly magdanlary (uglewodorodlar we gaty minerallar) gözlemek, Türkmenistanyň ilkinji ýerasty gaz desgalaryny döretmek, infrastruktura we beýleki taslamalar boýunça topragyň düzümini öwrenmek babatda birnäçe teklipleri beripdi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-rus forumy 19-20-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde geçirilipdi. Onuň işine Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýet gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy