Germaniýada dowam edýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda toparçalardaky ilkinji duşuşyklar tamamlandy. Nobat 2-nji duşuşyklaara geldi. Birinji tapgyrda ýeňiş gazanan ýygyndylar bu tapgyrda ýeňiş gazanan halatynda indiki tapgyra çykmak mümkinçiligine eýe bolup bilerler.
Ýewropa çempionatynyň ilkinji tapgyrynyň oýunlarynyň netijesinde birnäçe rekordlar hasaba alyndy. Rekordlaryň biri hem portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo degişlidir. Ol Ýewropa çempionatlaryna 6-njy gezek gatnaşmak bileen rekord goýdy.
Düýn geçirilen Portugaliýa bilen Çehiýanyň arasyndaky duşuşykda meýdança çykan Ronaldo Ýewropa çempionatlaryna iň köp gatnaşan futbolçy boldy.
Ronaldo meýdança çykmazdan ozal, Horwatiýanyň futbolçysy Luka Modriç hem 5-nji Ýewropa çempionatyna gatnaşyp, meýdança çykan futbolçy bolupdy.
Portugaliýanyň ýygyndysynyň futbolçylarynyň rekordy munuň bilen çäkli däldir. Bu ýygyndynyň düzümindäki Pepe 41 ýaşynda bolup, meýdança çykan iň uly ýaşly futbolçy boldy.
Mundan ozalky rekord wenger futbolçy Gabor Kiraýa degişlidi. Ol 2016-njy ýylda geçirilen Ýewropa çempionatynda 40 ýaşynda çykyş edipdi.
