SPORT

Ronaldonyň täze rekordy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo Milletler Ligasy bäsleşiginiň çäklerinde  Şwesiýanyň milli ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda 2 gezek tapawutlandy. Ronaldo bu geçiren 2 goly bilen toparynyň ýeňmegine hem-de özüniň täze üstünligini gazanmagyna mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda futbol ýoluny Italiýanyň “Ýuwentus” toparynda dowam edýän Ronaldo milli ýygyndynyň düzüminde geçiren gollarynyň sanyny 100 hem-de 101-e ýetirdi.

Şeýlelikde, Ronaldo ýewropaly futbolçylaryň hatarynda bu görkezijä ýeten ilkinji futbolçydyr. Mundan ozalky rekord Wengriýanyň ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Ferens Puşkaşa degişli bolup, ol hem 84 gol geçiripdi.

Ronaldonyň rekordy barada…

  • Kristiano 30 ýaşdan soňra 48 pökgi geçirdi. Munuň üçin 47 duşuşyk gerek boldy.
  • Umuman, ol Portugaliýanyň düzüminde 17 ýyldan bäri gol geçirip gelýär. Iň üstünlikli ýyllary: 2004 (7), 2006 (6), 2011 (7), 2013 (10), 2016 (13), 2017 (11), 2018 ( 6), 2019 (14).
  • Ronaldo sag aýagy bilen 55, çep aýagy bilen 22, kellesi bilen 24 pökgi geçirdi. 101 pökginiň 11-si – jerime urgularyndan, 10-sy – erkin urgulardan geçirildi.
  • Krişiň 101 pökgüsi, Fransiýanyň hem-de Niderlandlaryň iň köp gol geçiren futbolçylarynyň gollarynyň jemine deňdir. (Fransiýada Anri 51 gol, Niderlandrlarda Wan Persi 50 gol geçirdi).
  • Ronaldo Portugaliýanyň düzüminde ýenede 8 gol geçiren ýagdaýynda ol dünýä rekordyny täzeler.
  • Milli ýygyndynyň düzüminde iň köp gol geçiren Eýranyň ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Ali Daýedir. Ol 109 gol geçirdi.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

 

Ýene-de okaň

Winisius transfer rekordyny goýup biler

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden gidýar

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji martda badalga alar

Gwardiola saud toparyndan gowy teklip aldy

Ata Watan Eserleri

Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin hödürnama berdiler

Ata Watan Eserleri

Yslam raýdaşlyk oýunlary Er-Riýadda geçiriler