SPORT

Ronaldonyň rekordlary

Italiýanyñ “Seriýa A” çempionatynyñ 34-nji tapgyrynda “Ýuwentus” topary “Lasio” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşykda 2 gezek tapawutlanan portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo hem toparyna ýeňiş gazandyrdy hem-de täze rekordlaryň eýesi boldy.

FIFA guramasynyñ habar bermegine görä, Ronaldo “Seriýa A” çempionatynyñ taryhynda beýleki oýunçylardan gysga wagtda içinde 50 gol geçirmegi başaran ýeke-täk oýunçydyr. Munuñ üçin Ronaldo 61 oýun ýeterlik boldy. Mundan ozalky rekord “Milan” toparynda oýnan ukrainaly hüjümçi Andreý Sewçenko degişlidi. Ol bu görkezijini 68 duşuşykda gazanypdy.

Şeýle hem Ronaldo Angliýanyñ, Ispaniýanyñ we Italiýanyñ çempionatlarynda azyndan 50 gezek gol geçiren birinji futbolçy boldy. Ronaldo 1952-nji ýyldan bäri “Ýuwentus” toparynyñ taryhynda bir möwsümde 30 gol geçirip taryha girdi.

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri