11-nji fewralda geçiriljek “Arkadag” topary bilen düzüminde çykyş edýän Kristiano Ronaldo, Sadio Mane, Kingsli Koman, Žoau Feliks ýaly dünýä ýyldyzlaryny jemleýän Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasyndaky duşuşyk sport äliminde giň gerimde ýaýlyma beriljek oýunlaryň biri bolar. Bu barada THP habar berýär.
Duşuşygy görkezmek hukugyny dünýäniň iň iri mediakompaniýalary satyn aldy. Aziýa yklymynda “beIN Sports”, “DAZN” we “China Media” ýaly iri teleýaýlymlar bu duşuşygy ýaýlyma berer. Ýewropada bolsa, duşuşyk “Sport1″, “Arena Sport” teleýaýlymlarynda, şeýle hem “AFC LIVE” platformasynda görkeziler, Demirgazyk we Günorta Amerikada bolsa oýny “ESPN” teleýaýlymlar ulgamy ýaýlyma berer.
Duşuşygyň halkara sport metbugatynda ilerledilmegine aýratyn üns berilýär. Bu waka barada makalalar eýýäm Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň (AIPS) çeşmelerinde peýda boldy, şeýle hem “championat.com” we “sport.ru” ýaly öňdebaryjy portallarda çap edilmegi meýilleşdirilýär.
Ronaldoly «Al-Nasryň» Aşgabada gelmegi dünýä metbugatynyň üns merkezinde
Dünýä sport jemgyýetçiligi hem-de “Trend”, «Swobodnaýa Gruziýa», “Abu News Asia Vision” ýaly öňdebaryjy habar agentlikleri Türkmenistanyň paýtagtyna ünsi jemledi.
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň esasy arenasynda görlüp-eşidilmedik futbol wakasy geçiriler: “AFC Çempionlar ligasy-2″-niň 1/8 finalynyň çäklerinde ýerli «Arkadag» kluby saud futbol ägirdi «Al-Nasr» toparyny kabul eder.
Geljekki duşuşyk eýýäm taryhy waka hökmünde häsiýetlendirilýär, sebäbi türkmen meýdançasyna dünýä futbolynyň iň uly ýyldyzlarynyň biri bolan Kristiano Ronaldonyň Sadio Mane, Žoau Feliks we beýleki halkara derejeli ýyldyzlar bilen bilelikde çykmagyna garaşylýar.
Bu duşuşygyň halkara ähmiýetini bellemek zerurdyr. «Al-Nasr» ýaly uly möçberli klubyň Türkmenistana gelmegi milli futboluň Aziýa yklymyndaky abraýynyň barha artýandygyny tassyklaýar hem-de Aşgabadyň dünýä derejesindäki iri sport çärelerini geçirmek üçin möhüm merkezdigini görkezýär.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda iki gezek çempionlyga we halkara kuboklaryna çenli ýol geçen «Arkadag» topary üçin bu duşuşyk uly synag hem-de Aziýa klub futbolynyň iň ýokary derejesinde özüni tanatmak üçin aýratyn mümkinçilik bolar.
45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionynyň doly bolmagyna garaşylýar. Bu çäre diňe bir futbol duşuşygy bolman, eýsem ýurtda sporty ösdürmäge güýçli itergi berjek we dünýä boýunça millionlarça janköýeriň ünsüni özüne çekjek uly futbol baýramçylygy bolar.
Arkadag şäheriniň adybir “Arkadag” topary eýýäm işjeň taýýarlyga hem-de düzüm güýçlendirmäge başlady, Aziýanyň iň gymmat we güýçli klublarynyň biri bilen çekeleşikli duşuşyga taýýarlyk görýär. Jogap duşuşygy 18-nji fewralda Er-Riýadda geçiriler.
