SPORT

Ronaldoly “Al-Nasr” topary Eýranda

Şu gün hem Ýewropada hem-de Aziýada futbol baýramçylyklary dowam edýär. Her iki yklymda Çempionlar ligasynyň oýunlary badalga aldy.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň gurnamagynda geçirilýän AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çäklerinde Krıstıano Ronaldonyň düzüminde çykyş edýän “Al-Nasr” topary Eýranyň “Perospolis” topary bilen duşuşýar.

Bu duşuşyk üçin Ronaldoly saud topary Eýrana bardy. Eýrandaky Ronaldonyň janköýerleri dünýä belli futbolçyny howa menzilinde garşylamaga geldiler. Ýurduň dürli welaýatyndan janköýerler ronaldony görmek üçin paýtagt Tährana çenli gelipdirler.

Janköýerleriň köpdügi üçin Ronaldonyň topary duşuşykdan ozalky türgenleşiklerini hem geçirip bilmedi.

Eýran tarapyndan mähirli garşylanan Ronaldo eýran halysy sowgat edildi.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler