SPORT

Ronaldodan özboluşly täze rekord

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo özboluşly täze rekordyň eýesi boldy. Ol ýokary derejede geçiren futbol duşuşyklarynyň sany boýunça dünýä rekordyny goýdy.

Halkara Futbol taryhy we statistikasy federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Ronaldo ýokary derejedäki duşuşyklaryň 1226 sanysyny geçirdi. Bu görkeziji bilen ol Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “San-Paolo” toparynyň ozalky derwezeçisi Rožerio Seniniň geçiren 1225 duşuşyklyk rekordyny täzeledi.

Ronaldo düýn geçirilen Portigaliýa bilen Irlandiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygynda meýdança çykyp, 1226-njy futbol duşuşygyna gatnaşdy. Ol bu duşuşykda 2 gezek tapawutlanyp, rekordyny dabaralandyrdy.

Maglumata görä, Ronaldo Portugaliýanyň, Angliýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň we Saud Arabystanynyň futbol çempionatlarynda 698 duşuşykda oýnady. Ol bu döwletleriň kubok hem-de naýbaşy kuboklaryny gazanmak ugrundaky ýaryşlarda 101 duşuşykda meýdança çykdy. Şeýle hem portugal hüjümçi halkara klublar ýaryşlarynda 220 duşuşykda hem-de Portugaliýanyň ýygyndysy bilen 207 duşuşykda oýnady.

39 ýaşyndaky Ronaldo “Altyn pökgi” baýragyny 5 gezek gazandy. Şeýle hem ol 5 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanan futbolçylaryň biridir.

Kristiano Ronaldo 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda çykyş edýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady