SPORT

Ronaldodan özboluşly rekord

Ýaşyl meýdançanyň dürli rekordlarynyň eýesi portugal hüjümçi Kristiano Ronaldo ýene-de bir rekordyň eýesi boldy. Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň düzüminde çykyş edýän Ronaldo 1000-den gowrak utulyşsyz duşuşyklar geçirip, futbol taryhyň sahypalaryna öz adyny ýazdyrdy.

37 ýaşly futbolçynyň bu üstünligi Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasy tarapyndan hasaba alyndy. Guramanyň resmi saýtyndaky habara görä, portugal hüjümçiniň geçiren duşuşyklarynyň jemlerinde häzirki wagtda çenli 776 duşuşykda ýeňiş gazanylypdyr, 224 duşuşyk deňme-deň tamamlanypdyr.

Şeýlelikde, Ronaldo bu üstünlige ýeten ilkinji futbolçy boldy. Mundan ozal, milli ýygyndynyň düzüminde iň köp gol geçiren futbolçy bolan Ronaldo diňe bir futbol däl, eýsem jemgyýetçilik torunda hem meşhurlyga eýedir.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler